Merkezi-Aziýanyň dag sebidinde bioköpdürliligiň esasy çäklerini saklamak boýunça 5-ýyllyk maksatnama başlandy. Ol haýwanlaryň we ösümlikleriň 30-dan gowrak seýrek görnüşlerini saklamaga mümkinçilik berer. Şol sanda: gar barsy, buhara suguny, urial, amyderýa pilburuny we beýlekiler.
Maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi bilen baglylykda, 2019-njy ýylyň 11-nji dekabrynda Almatada KHS gatnaşmagynda ertirlik nahary geçirildi. Habarçylar ähli gyzyklanma döredýän soraglary berdiler. Olara aşakdakylar jogap berdiler:
- Grigoriý Mazmanýanş, WWW Merkeziaziýa maksatnamasynyň direktory
- Jamila Asanowa, Raýat jemagatynyň ösüş assossiasiýasynyň (RJÖA) ýerine ýetiriji direktory.
- Daniel Rotberg, Bioköpdürliligiň esasy çäklerini saklamagyň hyzmatdaşlyk gaznasynyň (CEPF) grantlary boýunça direktor.
- Jek Tordoff, Bioköpdürliligiň esasy çäklerini saklamagyň hyzmatdaşlyk gaznasynyň (CEPF) dolandyryjy direktory.
- Olga Pereladowa, WWF Merkezi-Aziýa maksatnamasynyň ylmy maslahatçysy.
- Ýelizaweta Protas, WWF taslamasynyň ýolbaşçysy.
Maksatnama boýunça onlarça goraghanalar, milli parklar we ýeke-täk landşaftlar hem gorag astynda bolarlar. Häzirki günde bütin dünýäde bioköpdürliligiň 1 500-den gowrak esasy çäkleri hasaba alynýar, Merkezi-Aziýanyň dag sebidinde olaryň 145 görnüşi jemlenen.
Maksatnamanyň umumy býujeti – 8 million ABŞ dollary. Ol Bioköpdürliligiň esasy çäklerini saklamagyň hyzmatdaşlyk gaznasy bilen maliýeleşdirilýär, ol hem Ösüş, guramaçylyk boýunça Fransuz agentligi Conservation International, Ýewopa Bileleşiginiň, Dütindünýä ekologiki gaznasynyň, Ýaponiýa Hökümetiniň we Bütindünýä bankynyň bilelikdäki başlangyjy bolup durýar. Raýat jemagatyny bioköpdüliligi saklamak boýunça işe çekmek gaznanyň esasy maksatlarynyň biri bolup durýar.
WWF Merkezi Aziýada Maksatnamanyň sazlaýjysy bolup çykyş eder. Raýat jemagatynyň ösüş assossiasiýasy (RJÖA) WWF hyzmatdaşy hökmünde kiçi grantlaryň dolandyryş maksatnamalaryna gatnaşar we TDG – maksatnamanyň gatnaşyjylarynyň potensialyny berkitmekde ýardam berer. RJÖA ýerine ýetiriji direktory Jamila Asanowa, sebitleýin toparyň Maksatnamany durmuşa geçirmegiň meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşmak üçin Almatada ýygnanadygy barada habar berdi.
“Maksatnamanyň web-portaly bolar. Onda biz ähli peýdaly we elýeter maglumatlary çap ederis, TDG WEB-Akademiýasynyň göni aragatnaşyk okuwlary täjirçilik däl guramalaryna okuwlary gçirmek üçin elýeter bolar. Biz işjeň işlemäge çemeleşýäris. Ekologiki guramalara ýardam bereris we bioköpdürliligi saklamakda uly peýda getireris, diýip umyt edýärin”, – diýip, Jamila Kasimowna çykyş etdi.
Maksatnamanyň özi Gazagystanda, Täjigistanda, Özbegistanda, Türkmenistanda, Gyrgyzystanda we Owganystanda işleýän täjirçilik däl guramalary üçin grantlary bermegi göz öňünde tutýar. Gynansakda, Hytaýda işleýän guramalar Maksatnama goşulyp bilmediler.
“CEPF işi örän wajyp. Biologiki köpdürliligiň esasy çäkleri – millionlarça adamlar üçin öý, olaryň abadançylygy daşky gurşawyň ýagdaýyna bagly, – diýip, maksatnamanyň düýbüni tutujy Daniel Rotberg düşündirdi. – Tebigaty goramak işiniň bütindünýä maliýeleşdirmesiniň düýpli böleginiň hökümet tarapyndan gönükdirilýändigine garamazdan, tejribäniň görkezişi ýaly, bioköpdürliligiň esasy çäklerinde ýerleşýän ösýän ýurtlarda we geçiş ykdysadyýetli ýurtlarda ýerli raýat jemagatlary bilen özara aragatnaşyklar bioköpdürliligi saklamak çygrynda has durnukly we uzak möhletli netijeleri berýär. Hökümet däl toparlary ýerinde meseläni çözmegiň standart däl çemeleşmesini ulanýarlar. Bu olara döwletiň ynamly hyzmatdaşlary bolamaga mümkinçilik berýär, sebäbi olaryň ikisi hem ýerli jemagatyň gyzyklanmalarynda, şeýle hem şol bir wagtda bütindünýä maksatlaryna ýetmek gyzyklanmasynda ýaşaýyş üçin wajyp bolan serişdeleri saklamaga gyzyklanma bildirýärler.”
Täjirçilik däl guramalaryna grantlary iki görnüşde bermek meýilleşdirilýär.
- Kiçi – 20 müň ABŞ dollaryna çenli.
- Uly – 150 müň ABŞ dollaryna çenli.
Bioköpdürliligiň esasy çäklerini saklamagyň hyzmatdaşlyk gaznasynyň tejribesi, munuň ýaly grant maksatnamalarynyň Maksatnamanyň sebitlerinde bioköpdürliligiň esasy çäklerini saklamagy üpjün etmäge, şeýle hem uzak möhletli esasda raýat jemagatynyň ösüşine düýpli täsir etmäge ýardam berýändigi görkezýär.
Goşmaça maglumat.
Ýabany tebigatyň bütindünýä gaznasy (WWF) – iri garaşsyz halkara tebigaty goraýyş guramalaryň biri. Ol 5 milliona golaý hemişelik tarapdarlary birleşdirýär we 6 yklymda 100 gowrak ýurtlarda işleýär. WWF halkara kätibi Şweýsariýada ýerleşýär.
CEPF sekretariaty ABŞ Waşingtonda Tebigaty goramak boýunça Halkara jemagatda (Conservation International) ýerleşýär. Işiň başlanan pursatyndan CEPF 92 ýurtlardan we çäklerden 2 363 grant alyjylaryna 243 million ABŞ dollaryny berdi. Munuň kömegi bilen ol bioköpdürliligiň esasy çäkleriniň 46.5 million gektar ýerini gowulandyrdy.